Nigeriýada Metjide Hüjüm Guraldy

Boko Haramyň agzalary, Borno welaýatynyň Ngulde etrabynda irki namazy üçin metjide baranlara od açdy.

1875728
Nigeriýada Metjide Hüjüm Guraldy

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan metjide ýogalan hüjümde 5 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Boko Haramyň agzalary, Borno welaýatynyň Ngulde etrabynda irki namazy üçin metjide baranlara od açdy.

Hüjümde 5 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

Hüjümçileriň birnäçe adamy hem zamun alandygy bellenildi.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gurama 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

 



Degişli Habarlar