ABŞ 28 Ýurt Bilen Harby Türgenleşik Geçirýär

“ABŞ, Iordaniýa bilen birlikde 28 ýurt bilen harby türgenleşik geçirer. Türgenleşik sentýabr aýynyň 4-15-i aralygynda geçirler”

1875633
ABŞ 28 Ýurt Bilen Harby Türgenleşik Geçirýär

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi SENTKOM, Iordaniýa bilen birlikde 28 ýurt bilen harby türgenleşik başladandyklaryny habar berdi.

SENTKOM-yň internet saýtynda berlen habarda, “ABŞ, Iordaniýa bilen birlikde 28 ýurt bilen harby türgenleşik geçirer. Türgenleşik sentýabr aýynyň 4-15-i aralygynda geçirler” diýildi.

Şu ýyl 10-njysy geçirilýän harby türgenleşigiň ýurtlaryň arasynda harby ugurda tejribe alyşylmagyny maksat edinýändigi nygtaldy.

2021-nji ýylda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürlen köp taraply türgenleşige ABŞ 1700, Iordaniýa 2 müň 200 esger bilen gatnaşýar.

Türgenleşige gatnaşýan beýleki 28 ýurduň 501 esger bilen gatnaşjakdygy mälime dildi.



Degişli Habarlar