Wladimir Zelenskiý: "Ukrainadaky söweşiň jogapkäri bütin Russiýa" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, ýurdundaky söweşiň jogapkäriniň diňe Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bolmandygyny, bütin Russiýanyň bu söweşiň jogapkäridigini beýan etdi

1873712
Wladimir Zelenskiý: "Ukrainadaky söweşiň jogapkäri bütin Russiýa" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Sloweniýanyň ýer eýeçilik etmeginde gurnalan 17-nji Bled Strategik forumyň çäginde geçirilen "Güýjüň agalygymy ýa-da düzgünleriň güýjümi?" atly bölümine göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Wladimir Zelenskiý 24-nji fewralda Russiýanyň başladan söweşiň ýurdunda sebäp bolan pajygaly netijeleriniň üstünde durup geçip, Moskwanyň Ukraina degişli näme bar bolsa ýok etmäge synanyşýandygyny habar berdi. 

Russiýanyň ukrainaly çagalary maşgalalaryndan alandygyny we düşelgelere alyp gidendigini aýdan Zelenskiý, şol düşelgelerde raýatlara erbet çemeleşilýändigini mälim etdi. 

Zelenskiý ýurdundaky söweşe belli bir derejede goşulan köp sanda adamyň rus pasportlary bilen Ýewropa ýurtlaryna syýahat edýändigini, şol adamlaryň elinde Ukrainanyň halkynyň ganynyň bardygyny, olara rugsat berilmeli däldigini habar berdi. 

Russiýanyň Baltika ýurtlaryndan Gazagystana çenli ähli sebite howp salýandygyny aýdan Zelenskiý, resmi Moskwanyň söweşi dowam etdirdigi saýyn ähli gatnaşyklara garşy girizilen embargonyň durmuşa geçirilmäge dowam edilmeginiň gerekdigini belledi. 

"Ukrainadaky söweş Russiýanyňmy ýa-da Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniňmi?" soragyna jogap beren Zelenskiý: "Bu 100 göterim Russiýanyň söweşi, sebäbi şol adamlar Putini saýladylar. Sosial mediadada, köçelerdede söweşe garşy bolan örän az adam görýäris. Russiýada ýa-da tapawutly ýurtlarda adamlaryň gorkýandygyny bilýäris. Emma Russiýadan bu häkimiýete we bu ýagdaýa garşy bolan ses eşitmeýäris we görmeýäris. Şol sebäpli bu Russiýanyň Ukrainadaky söweşidir" diýip nygtady. 

Zelenskiý: "Russiýa gepleşiklere taýar däl we olar ýaly islegleri hem ýok. Olar üçin gepleşikler, Donbassy we Krymy Russiýanyň territoriýasy hökmünde ykrar etmegimiz ýaly ençeme ultimatom manysyna gelýär" diýip belledi. 

Russiýanyň özüni öňe sürüşi ýaly güýçli bolmandygyny, söweş meýdanynda oňa şaýat bolandyklaryny aýdan Zelenskiý: "Biz entek söweşe başlamadyk, öz topraklarymyzy goraýarys, territorial bütewiligimizi üpjün etmäge synanyşýarys we onuň hem hötdesinden geleris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar