Russiýa Darýa Duginanyň ozaldan meýilleşdirilen görnüşde öldürilendigini habar berdi

Russiýanyň tanymal syýasy hünärmeni Aleksandr Duginiň gyzy Darýa Duginanyň ozaldan meýilleşdirilen görnüşde öldürilendigini mälim edildi

1870511
Russiýa Darýa Duginanyň ozaldan meýilleşdirilen görnüşde öldürilendigini habar berdi

Russiýanyň Derňew komitetinden berilen beýanatda, Darýa Duginanyň içinde bolan ulagyň partladylmagy netijesinde ýogalandygy ýatladyldy.

Darýa Duginanyň janyna kast edilendigi bellenen beýanatda: "Alynan maglumatlara görä, jenaýatyň ozaldan meýilleşdirilendigi we tabşyryk boýunça ýerine ýetirilendigi pikir edilýär" diýip habar berildi.

Aleksandr Duginiň gyzy 30 ýaşyndaky Darýa Dugina, içinde bolan ulagyň Moskwa welaýatynyň Odintsowa şäheriniň golaýynda düýn partlamagy netijesinde ýogalypdy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladylypdy, ulaga partlaýjy enjamynyň ýerleşdirilendigi we ulag ýolda gidip barýarka partlandygy aýan edildi.

Ulagyň Aleksandr Dugine degişli bolandygy habar berildi.



Degişli Habarlar