Husiler Ylalaşygy Basgylamaga Dowam Edýär
Husileriň hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygy basgylaýandygy sebäpli 5 günde 13 esger ýogaldy
1870298
Ýemeniň goşuny, Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygy basgylaýandygy sebäpli 5 günde 13 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.
Ýemeniň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada Husileriň soňky 5 günde Hudeýde, Dali, Taiz, Sada, Jewf we Marib welaýatlarynda 467 gezek ylalaşygy basgylandygy nygtaldy.
Beýannamada, Husileriň ýokarda ady agzalýan welaýatlara guran hüjüminde 13 esgeriň ýogalandygy, 27 esgeriň ýaralanandygy bellenildi.
Husiler mesele hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi