Tramp Pasportlarynyň Ogurlanandygyny Öňe Sürýär

Bu barasynda Tramp "“Truth Social” atly sosial media hasabyndan beýanat berdi.

1868420
Tramp Pasportlarynyň Ogurlanandygyny Öňe Sürýär

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp Floridadaky köşkünde 8-nji awgustda Federal derňeş ofisi tarapyndan geçirilen barlagda pasportlarynyň “ogurlanandygyny” öňe sürdi.

Donald Tramp “Truth Social” atly sosial media hasabyndan; “Eý waý! FBI tarapyndan “Mar-a Lagoda geçiriln duýdansyz barlagda üç pasportum ogurlandy” diýip ýazdy.

Barlagyň syýasydygyny öňe süren Tramp, habarnamasynda; “Bu ýurt, ýurdumyzda ozal görülip eşidilmedik derejede syýasy bäsdeşe edilen hüjümdir. Üçünji dünýä” garaýyşlaryny beýan etdi.

Trampyň Amerikan raýatlaryna berilýän adaty gök pasport bilen prezidentligi mahalynda alan gyzyl resmi pasportunyň we gara diplomatik pasportunyň bardygy beýan edildi.

Trampyň pasportsyz daşary ýurda gidip bilmejekdigine üns çekilýär.



Degişli Habarlar