Iňlis Uçary Rus Serhedini Bozdy

Russiýanyň Goranmak ministrligi Britaniýanyň “RC-135” kysymly barlag uçarynyň ýurdunyň serhetlerini bozandygyny beýan etdi.

1868398
Iňlis Uçary Rus Serhedini Bozdy

Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Barens deňiziniň giňişlişliklerinde bir nyşananyň rus goranyş ulgamlary tarapyndan anyklanandygy habar berildi.

Beýannamada nyşananyň anyklanmagyndan soň rus “Mig-31M” harby uçarynyň uçandygy nygtalyp; “Şol nyşananyň Britaniýanyň harby howa güýçlerine degişli “RC-135” kysymly elektronik barlag we söweş uçarydygy anyklandy. Şol uçar Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedini Swetoý Nos burnunda bozdy” diýilýär.

Beýannamada iňlis uçarynyň Russiýanyň territoriýasyndan çykmaga mejbur edilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar