Çepçi Partiýanyň lideri Nuşi Dadgostar Terrorizme Goldaw Berilmegine Garşy Durýar
Şwesiýada Çepçi partiýanyň lideri Nuşi Dadgostar partiýasynyň halk deputatlarynyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň simwoly diýilýän esgiler bilen surat aldyrmagyny goldamaýandygyny beýan etdi.
Nuşi Dadgostar “Aftonbladet” gazetinde, Wisbi şäherinde 7 iýulda Çepçi partiýanyň halk deputatlary Daniel Riazat, Momdou, Malkom Žallow we Lorena Delgado Warasyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň simwoly diýilýän esgiler bilen surat aldyryp, sosial mediada paýlaşmaklary hakynda beýannama berdi.
Nuşi Dadgostar, partiýasynyň halk deputatlarynyň bu hereketine goşulmaýandygyny we özüniň şeýle aksiýa gatnaşmajakdygyny beýan etdi.
Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdalena Andersson Çepçi partiýanyň halk deputatlarynyň terror guramasynyň simwoly diýilýän esgiler bilen surat aldyrylmagyny ýazgarypdy.
Magdalena Andersson Şwesiýanyň resmi habarlar gullugy “TT-ä” beren interwýusynda; “PKK diňe bir Şwesiýada däl, ÝB-niň agzalary tarapyndan hem terror sanawyna goşulan. Bu esgiler bilen surat aldyrmak iňňän ýerliksiz” diýipdi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.