Malide guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Mali döwletiniň Gao sebitinde 7-nji awgustda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 42 adama ýetdi
Maliniň hökümetinden berilen ýazmaça beýanatda, Ansongo etrabyndaky Tessit obasyna DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan terrorçylykly topar tarapyndan guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 42 adama ýetdi.
Hüjümde 22 esgeriň ýaralanandygy, 37 terrorçynyň bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Beýleki tarapdan hüjüm sebäpli ýurtda 10-nji awgustdan başlap 3 günlük milli ýas yglan edildi.
Geçen hepdäniň ýekşenbe güni guralan hüjümde ilki bilen 17 esgeriň ýogalandygy habar berilipdi.
Sahel sebitinde 3 ýurduň ýagny Burkina-Faso, Mali we Niger döwletleriniň serhetleriniň kesişýän sebiti soňky ýyllarda terror guramasy Al Kaýda bilen arabaglanşygy bolan toparlaryň we terror guramasy DAIŞ-iň hüjümlerine sezewar galýar.
Malide 2013-nji ýyldan bäri ýerleşdirilen daşary ýurtly harby güýçlere garamazdan ýurtdaky terror guramalarynyň hüjümleri dowam edýär.
Degişli Habarlar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo ýaşaýyş zolagyny ele geçirendiklerini habar berdi
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.