“Türkiýäniň Ukrain Gallasynyň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Üçin Edýän Tagallasyny Takdyr Edýäris”

Prezident Pahor, paýtagt Ankarada geçirilýän 13-nji İlçiler konferensiýasynda çykyş etdi

1866149
“Türkiýäniň Ukrain Gallasynyň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Üçin Edýän Tagallasyny Takdyr Edýäris”

Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor, Türkiýäniň ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýändiklerini aýtdy.

Prezident Pahor, paýtagt Ankarada geçirilýän 13-nji İlçiler konferensiýasynda eden çykyşynda, Türkiýäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky töwellaçylyk tagallalasy we ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegindäki roly hakynda durup geçdi.

Pahor “Türkiýäniň töwellaçylyk tagallalaryny takdyr edýärin. Ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin ýurduňyzyň eden tagallasyny takdyr edýäris we sagbolsun aýdýarys”diýdi.

Türkiýäniň Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň NATO agzalygy meselesinde baglaşan şertnamasyny hem takdyr edýändiklerini aýdan Pahor, şertnamalaryň şertleriniň ýerine ýetirilmegi bilen ady agzalýan iki ýurduň NATO agza bolup biljekdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny nygtan Pahor, 11 ýyl ozal Türkiýe bilen Sloweniýanyň strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar: #ilçiler , #takdyr , #Sloweniýa

Degişli Habarlar