Papa, Galla Ýüklenen Ilkinji Gämileriň Ukrainanyň Portlaryndan Ugramagyna Hoşallyk Bildirdi

"Bu başlangyç, gepleşik geçirmegiň her bir adam üçin bähbitlidigini ýene-de bir gezek görkezýär”

1864842
Papa, Galla Ýüklenen Ilkinji Gämileriň Ukrainanyň Portlaryndan Ugramagyna Hoşallyk Bildirdi

Katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk, galla ýüklenen ilkinji gämileriň Ukrainanyň portlaryndan ugramagyna hoşallyk bildirdi.

Papa, Watikada ýekşenbe güni geçirlen adaty dini çärede eden çykyşynda, Stambulda 22-nji iýulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gazanylan galla ylalaşygyndan soň ilkinji gämileriň Ukrainadan ugramagy hakynda durup geçdi.

Katolikleriň ruhani lider, “Galla ýüklenen ilkinji gämileriň, Ukrainanyň portlaryndan ugramagyna hoşallyk bildirýäris. Bu başlangyç, gepleşik geçirmegiň her bir adam üçin bähbitlidigini ýene-de bir gezek görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar