Hindistanda ybadathanalaryň birinde bolan dyknyşykda 3 adam ýogaldy

Hindistanyň Rajasthan ştatyndaky Hindi ybadathanalaryň birinde bolan dyknyşykda ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy

1865109
Hindistanda ybadathanalaryň birinde bolan dyknyşykda 3 adam ýogaldy

The National News tarapyndan berilen habara görä, ybadat etmek isleýän hindiler, Rajasthan ştatynyň Sikar sebitindäki Lord Krişna ybadathanasynda bir ýere jemlendiler. 

Howpsuzlyk gullugynyň resmileri, ybadathananyň girelgesinde uzyn nobatyň emele gelendigini we gapylaryň açylmagy bilen dyknyşygyň emele gelendigini habar berdiler. 

Ilkinji kesgitlemelere görä 3 zenanyň ýogalan hadysada şeýle hem ençeme adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Ýurduň Premýer ministri Narendra Modi, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar