Doneskdäki Ýagdaý Agyr Bolmagynda Galýar

Bu barasynda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý beren wideo ýüzlenmesinde beýan etdi.

1864796
Doneskdäki Ýagdaý Agyr Bolmagynda Galýar

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý ýurdunyň 24-nji fewraldan bäri Russiýa garşy söweşýän Donesk welaýatynda front liniýasyndaky ýagdaýyň entegem agyr bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý “Telegram” hasabyndan beren wideo ýüzlenmesinde ýurdunyň gündogaryndaky frontlarda başdan geçirilýän soňky ýagdaý hakynda durup geçip, esasanda Doneskde we Harkowda ýagdaýyň agyrdygyny beýan etdi.

Zelenskiý ukrain goşunlarynyň ol ýerlerdäki rus hüjümlerine ençeme adam ýitgisine garamazdan garşy durmaga dowam edýändigini aýtdy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy; “Donbassdaky ýagdaý henizem agyr. Goşunlarymyz rus terrorizminiň öňüni almak we basybalyjylara mümkin gadar agyr zarba urmak üçin elinden geleni edýär” diýdi.

Rus güýçleriniň Harkowa garşy hem hüjümlerini güýçlendirendigini beýan eden Zelenskiý, ol ýerde aldym-berdimli çaknyşyklaryň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Wladimir Zelenskiý harby goşuna köp sanly ýaragyň gerekdigini hem nygtap; “Her gün yzgiderli ýagdaýda güýçli we uzak aralykly ulgamlary fronta uğratmak üçin ýarag üpjünçiligini artdyrmaga çalyşýarys. Ýaranlarymyzdan goldaw boýunça habarlara garaşýarys. Hoş habarlara…” diýdi.



Degişli Habarlar