Russiýa, 14 Bolgar Diplomady “Islenmeýän Adam” Hökmünde Yglan Etdi

Bolgar hökümetiniň 70 rus diplomadyny “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigine reaksiýa bildirildi

1864280
Russiýa, 14 Bolgar Diplomady “Islenmeýän Adam” Hökmünde Yglan Etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurtdaky 14 bolgar diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Bolgariýanyň Moskwadaky ilçisi Atanas Kristiniň ministrlige çagyrlandygy, bolgar hökümetiniň 70 rus diplomadyny “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigine reaksiýa bildirlendigi ýatladyldy.

Beýannamada, “Bolgar hökümetiniň rus diplomatlarynyň sanynyň azaldylmagy üçin alan kararyna jogap hökmünde, Ilçi Kristine Bolgariýanyň Russiýadaky 14 diplomadynyň “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilendigi barada nota berildi. Russiýa garşy bolan şeýle kararlaryň Bolgariýanyň we halkynyň milli bähbitlerine bap gelmeýändigine ynanýarys” diýildi.



Degişli Habarlar