Awstraliýa 450 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Aldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy maýmyn mama pandemiýasyny Halkara Halk saglygy adatdan daşary ýagdaýy diýip yglan edipdi.

1863782
Awstraliýa 450 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Aldy

Maýmyn mama keseliniň sanjymlarynyň ilkinji 22 müň dozasynyň birnäçe günüň dowamynda Awstraliýa baryp ýetjekdigi, galan böleginiň bolsa ýylyň dowamynda we 2023-nji ýylda geljekdigi habar berildi.

Awstraliýada häzirki wagta çenli 53 adama maýmyn mama keseliniň ýokaşandygy anyklandy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 23-nji iýulda Ýewropanyň başda durmagynda dünýäde ýaýramaga dowam edýän maýmyn mama pandemiýasyny Halkara Halk saglygy adatdan daşary ýagdaýy diýip yglan edipdi.

BSGG-nyň 27-nji iýulda beren beýanatynda 78 ýurtda 18 müňden gowrak keselliniň hasaba alynandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar