Somalide Holera Sebäpli 37 Adam Ýogaldy

Somalide geçen aý 897 müň 86 adama holera garşy sanjym edildi

1862067
Somalide Holera Sebäpli 37 Adam Ýogaldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan çap edilen habarnamada, Somalide üstümizdäki ýylyň  ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 8 müň 41 adamyň hasaba alynandygy we 37 adamyň hem holera sebäpli ýogalandygy nygtaldy.

Habarnamada, holera ýoluganlaryň 54 göteriminiň iki ýaşyna çenli bolan çagalardan, 49 göteriminiň bolsa zenanlardan ybaratdygy nygtaldy.

Somaly, guraklyga we azyk ýetmezçiligine garşy göreşýär.

Somaliniň hökümeti bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy geçen aý 897 müň 86 adama holera garşy sanjym edilendigini mälim etdi.

 

 


Etiketkalar: #sanjym , #holera , #Somali

Degişli Habarlar