NATO Kosowada Durnuklylyk Üçin Çäre Görmäge Taýýar

NATO-nyň Kosowadaky güýji (KFOR) Kosowanyň demirgazygynda durnuklylyga howp abanan halatynda çäre görmäge taýýardygyny beýan etdi.

1861822
NATO Kosowada Durnuklylyk Üçin Çäre Görmäge Taýýar

NATO-dan berilen beýannamada Kosowanyň demirgazygyndaky howpsuzlyk şertleriniň dartgynlydygy nygtalyp, “KFOR, ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklanýarwe durnuklylyga howp abanan halatynda çäre görmäge taýýar” diýilýär.

Kosowada ýaşaýan serpler bilen birlikde şu günden başlap Kosowanyň raýatlyk namalarynawe döwlet belgisine eýe bolma mejburlygynyň girizilýändiginiň habar berilmeginden soň Kosowadaky serpler düýn agşam Kosowanyň demirgazygyndaky serhet geçelgelerini ýapdy.

Kosowada sirenalaryň sesi eşidilen bolsa, ýurduň polisi käbir ýerlerden ýarag sesleriniň eşidilendigini, emma hiç kimiň ýaralanmandygyny habar berildi.

Kosowanyň hökümeti düzgüniň bir aý möhlet bilen yza süýşürilendigini beýan etdi.

Serbiýa 2008-nji ýylda bir taraply garaşsyzlyk yglan eden Kosowany henizem öz territoriýasyna degişli hasap edýär.


Etiketkalar: #KFOR , #NATO , #dartgynlyk , #Kosowa

Degişli Habarlar