ABŞ Russiýa bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Beýanatda ýurtdaky daşary ýurtly raýatlara garşy zorluk ulanylmagyna hem ünsler çekildi

1857159
ABŞ Russiýa bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

ABŞ 4-nji dereje (Syýahat etmäň) hökmünde beren Russiýa syýahatçylyk etmezlik baradaky duýduryşynda, raýatlaryna şol ýurtda galp günäkärlemeler bilen ýönekeý ýere göz tussaglygyna alynyp biljekdiklerini habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň internet saýtynda berilen beýannamada, Russiýa üçin iň ýokary derejede syýahatçylyk duýduryşy berildi. 

Döwlet sekretarlygy Russiýada ýaşaýan ýa-da Russiýa syýahat eden ABŞ-nyň raýatlaryndan şol ýurdy iň tiz wagtda terk etmeklerini isledi. 

Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewraldan bäri dowam edýän hüjümleri, ýerli kanunlaryň esassyz ýagdaýda ulanylmagy, koronawirus çäklendirmeleri we terrorizm ýaly ugurlar syýahatçylyk duýduryşynyň berilmegine sebäp boldy. 

Beýanatda ýurtdaky daşary ýurtly raýatlara garşy zorluk ulanylmagyna hem ünsler çekildi.


Etiketkalar: #raýat , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar