Beýik Britaniýanyň hökümeti ynam sesini aldy

Beýik Britaniýada hökümediň başyndaky Konserwatiw partiýa ynam sesini aldy

1856626
Beýik Britaniýanyň hökümeti ynam sesini aldy

Hökümediň başyndaky Konserwatiw partiýa 238 sese garşy 349 ses bilen parlamentde täze Premýer ministriň kesgitlenmegi bilen baglanşykly takmynan 5 sagat dowam eden maslahatdan soň ynam sesini aldy. 

Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer ministri Boris Jonsonyň hökümediň başyndaky Konserwatiw partiýanyň başlygy wezipesinden çekilmeginden soň, partiýanyň deputatlarynyň arasynda geçirilen ses berilşikde dalaşgär Tom Tugendhat 31 ses bilen iň yzda galan bolsa, ýurduň ozalky Maliýe ministri Rişi Sunak 115 ses bilen iň köp ses alan dalaşgär boldy. 

Rişi Sunakdan soň Penni Mordaunt 82 ses, Liz Trass 71 ses we Kemi Badenoh 58 ses alypdy. 

Liderlik üçin bäsleşikde iň öňde barýan 2 dalaşgäriň iň giýç 21-nji iýula çenli kesgitlenmegi göz öňünde tutulýar. 

Ondan soň bolsa ýurt derejesinde takmynan 160 müň Konserwatiw partiýanyň agzasy, ýurdyň täze Premýer ministrini we partiýanyň täze başlygyny ozalky ses berilşiklerde iň öňde tamamlan 2 dalaşgäriň birini saýlar. 

Ses berilşikden soň partiýanyň täze başlygy we ýurduň täze Premýer ministri 5-nji sentýabrda aýan ediler. 



Degişli Habarlar