Eýranda Koronawirus Epidemiýasynyň 7-nji Tolkuny Başlady

Soňky 24 sagatda 13 adamyň wirus sebäpli ýogaldy, 5 müň 751 adam hem hasaba alyndy

1856016
Eýranda Koronawirus Epidemiýasynyň 7-nji Tolkuny Başlady

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri Behram Einullahi, ýurtda täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň 7-nji tolkunynyň başlandygyny habar berdi.

Behram Einiullahi halka sanjym etdirmekleri we ýapyk ýerlerde maska dakmaklary üçin çagyryş berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada bolsa soňky 24 sagatda 13 adamyň wirus sebäpli ýogalandygy, 5 müň 751 adamyň hem hasaba alynandygy nygtaldy.

Eýranda 2020-njy ýylda Kovid-19 epidemiýasynyň başlan gününden bäri 141 müň 499 adam ýogaldy, 7 million 278 müň 478 adam hem hasaba alyndy.



Degişli Habarlar