Gresiýada ýük uçary ýere gaçdy

Ukrainaly bir firma degişli bolan Antonow An-12 kysymly ýük uçary Gresiýanyň demirgazygyna gaçdy

1855784
Gresiýada ýük uçary ýere gaçdy

Gresiýanyň Kawala şäheriniň Paleohori diýilýän ýerine ýük uçary gaçdy. Uçaryň içinde 8 adamdan ybarat ekipažyň bolandygy çak edilýär. 

Ukrainaly bir firma degişli bolan Antonow An-12 kysymly ýük uçary Gresiýanyň demirgazygyna gaçdy. 

Gresiýanyň Döwlet agentligi AMNA tarapyndan berilen habara görä, uçar howply madda daşaýardy. Şol sebäpli resmiler uçaryň şenbe güni gije ýere gaçan Kawala şäheriniň Paleohori diýilýän ýerdäki ähli ýangyn söndürijileriň we tiz kömek gullugynyň işgärleriniň wakanyň bolan ýerinden uzaklaşmagyny islediler. 

Partlaýjy hünärmenlerinden ybarat topar bolsa uçaryň düzüminde bolan ýüküň nähili derejede howpludygyny kesgitlemek, görüljek çäreler barada karara gelmek üçin wakanyň bolan ýerine tarap hereket etdiler. 

Uçaryň uçarmany uçaryň dwigatelinde näsazlygyň bardygyny aýdyp, gyssagly gonmak barada rugsat soran hem bolsa, uçar howa menziline ýetmeden dwigatel asmandaka ýanmaga başlady we uçar Kawala şäherinde ýaşaýyş ýerleriniň golaýynda ýere gaçdy. 

Ukrainaly bir firma degişli bolan uçar Serbiýadan Iordaniýa ýük daşaýardy. 

Şaýatlar uçar ýere gaçanyndan soň, köp sanda partlamanyň sesleriniň eşidilendigini we ýangynyň başlandygyny habar berdiler. 

Wakanyň başdan geçirilen ýeriň golaýynda ýangyjyň ysy we tüsse bar. 

Uçaryň düzüminde 8 adamdan ybarat ekipažyň bolandygy çak edilýär. 



Degişli Habarlar