Dünýäde Maýmyn Mama Keseline Ýoluganlaryň Sany Artdy

Ýewropa maýmyn mama keseliniň merkezi bomaga dowam edýär

1853099
Dünýäde Maýmyn Mama Keseline Ýoluganlaryň Sany Artdy

Dünýäde maýmyn mama keseline ýoluganlaryň sany 6 müň adamdan geçdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesus, maýmyn mama keseli epidemiýasy hakynda metbugata beýannama berdi.

Gebreýesus 58 ýurtda 6 müňden gowrak adamda maýmyn mama keseline gabat gelinendigini belledi.

Ýewropanyň maýmyn mama keseliniň merkezi bomaga dowam edýändigini aýdan Gebreýrsus “Maýmyn mama keseline ýoluganlaryň 80 göterimi Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýar” diýdi.

Gebreýrsus, wirusyň Afrikada hem ýaýramaga başlandygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar