Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, wezipesinden we partiýasynyň liderliginden çekilendigini habar berdi

1853398
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, paýtagt London şäherinde beren beýanatynda: "Täze Premýer ministr wezipesine başlaýança çenli, wezipämi dowam etdirerin. Wezipe möhledimde meniň ýanymda bolan maşgalama, dostlaryma we iňlis halkyna minnetdarlyk bildirýärin. Bu Premýer ministrlik tapgyry meniň üçin möhüm we öwrediji boldy" diýip mälim etdi. 

Beýik Britaniýada ýurduň Saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid we Maliýe ministri Rişi Sunak düýn yzly-yzyna wezipelerinden çekilýändiklerini habar beripdiler. 

Sajid Jawid mundan beýläk wyždan taýdan dowam edip bilmejekdigini we Jonsona ynanmaýandygy üçin wezipesinden çekilýändigini beýan edipdi. 

Saglygy goraýyş ministri Sajid Jawidiň wezipesinden çekilmek baradaky kararyndan gysga wagt soň, ýurduň Maliýe ministri Rişi Sunak hem wezipesinden çekilýändigini aýan edipdi. 

Iki ministriň wezipelerinden çekilmek baradaky kararlaryny Boris Jonsonyň Konserwatiw partiýasynyň deputaty we partiýasynyň topariçi dolandyryjysy Kris Pinçer bilen bagly azar bermek günäkärlemelerinden habardar bolmagyna garamazdan, oňa beren wezipä sebäpli örän puşmandygyny aýtmagyndan soň beýan edipdiler. 

Premýer ministrlik tarapyndan ozal berilen beýanatda bolsa, Boris Jonsonyň Kris Pinçer bilen bagly günäkärlemelerden habardar bolmandygyny aýdandygy mälim edilipdi. Emma ondan soň Boris Jonsonyň 2019-njy ýylda Daşary işler ministri wezipesinde işleýän mahaly Kris Pinçer bilen baglanşykly şikaýatlar barada maglumat berilendigi ýüze çykypdy. 

Ministrleriň wezipesinden çekilýändigi baradaky beýanatlaryndan ozal Boris Jonson, Kris Pinçere wezipe berendigi üçin ötünç sorapdy we örän puşmandygyny beýan edipdi. 

Boris Jonson Premýer ministrlikde koronawirus epidemiýasy zamanynda karantin düzgünlerini bozýan çäreler geçirmegi sebäpli tankyt edilipdi we wezipeden boşadylmak basyşynyň astyndady.

Şol çäreleriň biri sebäpli pul jerimesi berilen Boris Jonson, öz partiýasynyň käbir deputatlary we oppozisiýa tarapyndan, parlamente ýalan sözlemek bilen günäkärlenipdi. 



Degişli Habarlar