Somaliniň Prezidenti Ysparta welaýatynda somalili esgerler bilen duşuşdy

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud Türkiýäniň Ysparta welaýatynda tälim alýan somalili esgerler bilen duşuşyk geçirdi

1852739
Somaliniň Prezidenti Ysparta welaýatynda somalili esgerler bilen duşuşdy
Hasan Seyh Mahmud isparta somalili askerler.jpg
Hasan Seyh Mahmud isparta somalili askerler1.jpg

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud ýanyndaky ýokary derejeli wekiliýet bilen Türkiýä ilkinji resmi saparyny guraýar. 

Somaliniň Goranmak ministri Abdulkadir Muhammed Nur Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmudyň we ýanyndaky wekiliýetiň Ysparta welaýatynda Türkiýäniň goşuny tarapyndan tälim berilýän somalili esgerler bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Somaliniň goşunynyň döwletiň iň uly güwäçisidigini aýdan Nur: "Dosta ynam, duşmana gorky salýan Somaliniň Milli goşuny, Somaliniň döwletiniň iň uly göwäçisidir. Minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Ysparta , #Somali

Degişli Habarlar