Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyna Gol Çekildi

NATO agza ýurtlaryň wekilleri Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Alýansa agzalyk teswirnamasyna gol çekdiler.

1852250
Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyna Gol Çekildi

Iýun aýynyň 29-30-y aralygynda İspaniýanyň paýtagty Madritde  geçirilen sammitde iki ýurdun Alýansa agzalygy çagyrylmagy boýunça kabul edilen karara laýyklykda NATO agza 30 ýurduň wekilleri formallyklary ýerine ýetirmek üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýerleşýän Ştab kwartirada jemlenşdiler.

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg hem iki ýurt hem-de umumy howpsuzlyk üçin taryhy pursadyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalaryny ortadan aýyryp, Madrid sammitinde gol çekişilen üçtaraplaýyn ähtnamanyň netijesinde karara gelinendidigini beýan ede Stoltenberg; “Halklarymyz hasam howpsuz bolarlar” diýdi.

Stoltenberg iki ýurduň iň täze ağzalar bolmagy boýunça tassyklaýyş tapgyrynyň şu gün başlandygyny beýan edip, NATO-nyň gapysynyň Ýewropanyň demokratiýalaryna açykdygyny nygtady.



Degişli Habarlar