Eýran Bank Ulgamyna Daşary Ýurtlardan Girilmegini Çäklendirdi

Eýranyň kiber hüjümleriň öňüni almak maksady bilen bank ulgamyna daşary ýurtlardan girmegi wagtlaýynça çäklendirendigi habar berildi.

1852018
Eýran Bank Ulgamyna Daşary Ýurtlardan Girilmegini Çäklendirdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” mälim emegine görä ýurduň bank ulgamyna ýurduň daşyndan elýeterlilik wagtlaýynça bes edildi.

Çäklendirmeleriň kiber howplaryň öňüniň alynmagy üçin ygtyýarly edaralaryň maslahatyna laýyklykda girizilendigine üns çekilýän habarda, giňişleýin maglumat berilmedi.

Soňky ýyllarda Ysraýylyň günäkärlenen birnäçe kiber hüjümine sezewar bolan Eýran, şonuň ýaly hem Ysraýyla garşy kiber hüjümleri guramakda günäkärlenýär.

Eýranyň günäkärlenen kiber hüjümleriniň soňkusy 14-nji iýunda merkezi Ysraýylda ýerleşýän kiber howpsuzlyk firmasy “Çek Point Resorç” tarapyndan beýan edilipdi. Beýannamada “şahsyýet awy” hüjüminde Ysraýylyň ozalky daşary işler ministri Tzipi Liwni we ABŞ-nyň Ysraýyldaky ozalky ilçisi bilen ýokary derejeli ysraýylly we Amerikaly resmileriň nyşanan alynandygy, eýranlydygy çaklanylýan kompýuter garakçylarynyň käbir resmileriň elektryn poçta arkaly hat alyşmalaryny ele geçirendigi habar berilipdi.



Degişli Habarlar