Şwesiýanyň Premýer ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson Türkiýe bilen gazanylan ylalaşyklary we terrorçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly düzgünnamalary berjaý etjekdiklerini habar berdi

1851291
Şwesiýanyň Premýer ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson, Almedalen Syýasat forumynda beren beýanatynda, ady agzalan ylalaşyklaryň düzümi barada maglumat bermejekdiklerini belläp: " Türkiýe bilen gazanylan ylalaşyklary we terrorçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly düzgünnamalary berjaý ederis" diýip mälim etdi. 

Terrorçylykly hereketlere goşulmaýanlaryň aladalanmaly däldiklerini aýdan Andersson: "Şwesiýanyň raýaty bolanlar, milli we halkara hukuga görä yzyna gaýtarylyp berilmez. Terrorçylykly hereketlere goşulmadyk bolsaňyz, alada etmegiň zerurlygy ýok" diýip habar berdi. 

Magdalena Andersson, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyrynda Türkiýe bilen geçen hepde Ispaniýadaky NATO-nyň Liderler maslahatynda gol çekişilen üçtaraplaýyn memorandumda, Türkiýä uly egilşik edendigi we jemgyýetçilik pikirlerinde berk tankydy bellikler alandygy baradaky soraga bolsa jogap bermedi. 



Degişli Habarlar