Italiýanyň Premýer-ministri Dragi Türkiýede Saparda Bolar

Mario Dragi Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde ertir resmi sapar bilen Türkiýä geler.

1851729
Italiýanyň Premýer-ministri Dragi Türkiýede Saparda Bolar

Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde ertir resmi sapar bilen Türkiýä geler.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde ertir Prezident Erdogan bilen üçünji Türkiýe-Italiýa hökümetara maslahata ýolbaşçylyk eder.

Degişli ministrleriň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda, Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Dgraginiň saparynyň çäginde şeýle hem Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar