Daniýada ýaragly hüjüm guraldy

Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherindäki söwda merkezleriniň birinde guralan ýaragly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy mälim edildi

1851331
Daniýada ýaragly hüjüm guraldy

Kopengageniň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Soren Thomasse, ýurduň paýtagty Kopengageniň Amager sebitindäki söwda merkezinde guralan hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygyny, ýaralanan käbir adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň bolsa agyrdygyny habar berdi. 

Hüjümden soň şübhe astynda bolan 1 adamyň saklanandygyny aýdan Soren Thomasse, şol adamyň 22 ýaşyndadygyny we asly daniýalydygyny, terrorçylykly hüjüm ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýandyklaryny mälim etdi. 

Thomasse, polisiýa işgärleriniň derňew geçirmäge dowam edýändigini, hüjümçiniň bir adamdygy baradaky delilleriň dolulygyna anyklanýança çenli ýokary derejeli howpsuzlyk çäreleriň aýrylmajakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar