NATO-nyň Liderler maslahaty başlady

NATO-nyň Liderler maslahaty Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde öz işine başlady

1849806
NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
nato liderler zirvesi1.jpg
nato liderler zirvesi2.jpg
nato liderler zirvesi aile fotografi.jpg
nato liderler zirvesi.jpg

Sammitden ozal ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary ýadygärlik surata düşdiler. 

Surata düşülýän mahaly Prezident Rejep Taýýip Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden söhbetdeş boldylar. Salamlaşan iki lider soň bolsa NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen bilelikde surata düşdiler. 

Iki lider ondan soň bolsa Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň ýanyna geçip gürrüňdeş boldylar. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, maslahatyň Ukraina temaly ilkinji bölüminde eden çykyşynda, sammitde Russiýa we Hytaý ýaly awtoritar hökümetleriň düzgüne esasly tertibe garşy çykýan has bäsdeş bir dünýäde NATO-nyň güýçlendirilmegi üçin möhüm kararlar kabul etdiljekdigini habar berdi. 

Alýansyň ýol belet meýilnamasy hökmündäki Strategik konsepsiýa resminamasynyň täze görnüşiniň kabul ediljekdigini ýatladan Stoltenberg, alýansyň eýmendirmesini we goranyşyny güýçlendiriljekdigini, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň çagyrylmagy bilen NATO-nyň gapylarynyň açykdygynyň görkeziljekdigini mälim etdi. 

Stoltenberg, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň liderlere ýüzlenip çykyş etjekdigini we Ukraina üçin giň gerimli kömek bukjasynyň kabul ediljekdigini aýan etdi. 

Sammite ýer eýeçiligini edýän Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes eden çykyşynda: "Kabul etjek kararlarymyz öňümizdäki 10 ýyllyk göwrümimiziň we çeşmelerimiziň ulanylşyny kesgitlär. Dünýä bize ser salýar. Her kime jebisligimizi we agzybirligimizi, tamalara ýetip biljekdigimizi görkezeris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar