Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Kremençuk şäherindäki hüjüm barada beýanat berdi

Hüjümde 16 adam ýogaldy, 59 adam ýaralandy

1848993
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Kremençuk şäherindäki hüjüm barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Kremençuk şäherinde içinde asuda halkdan 1000-den gowrak adamyň bolan söwda merkezine hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde 16 adam ýogaldy, 59 adam ýaralandy. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Poltawa sebitinde ýerleşýän Kremençuk şäherindäki söwda merkeziniň Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan raketalar bilen nyşana alynyp, hüjüm guralandygyny belläp: "Bu terrordan başga bir zat däl. Ol ýalňyşlyk bilen guralan raketaly hüjüm däl. Bu söwda merkezine garşy gowy edip hasaplanyp guralan rus hüjümleridir" diýip beýan etdi. 

Russiýanyň goşunynyň Harkow şäherine hem hüjüm gurandygyny we hüjümde 5 adamyň ýogalandygyny, 5-si çaga 30-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainanyň topraklaryna takmynan 2 müň 800 raketa atandygyny mälim etdi. 

Zelenskiý: "Russiýa dünýäniň iň uly terror guramasy ýagdaýyna öwrüldi. Bu bir hakykat. Onuň kanuny tarapy bolmalydyr. Dünýäde her kim rus nebitini satyn almagy, rus banklary bilen iş salyşmaklary, rus döwletine salgyt we ýygym tölemegi terrorçylara pul berýändigi manysyna gelýändigini bilmelidir. Dünýä rus terroryny duruzyp biler we duruzmalydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar