Günorta Afrika Respublikasynda gijeki klubda ençeme adam ýogaldy

Günorta Afrika Respublikasynyň Gündogar Keýp welaýatyndaky gijeki klublaryň birinde sebäbi entek anyklanyp bilinmedik sebäp bilen 22 adam ýogaldy

1848572
Günorta Afrika Respublikasynda gijeki klubda ençeme adam ýogaldy

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Eastern London şäherindäki "Enyobeni" atly gijeki klubda 17 adamyň jesediniň tapylandygy, köp sanda adamyň hassahana ýatyrylandygy habar berildi. 

Beýanatda hassahana alynyp gidilen adamlaryň arasynda ýene-de 5 adamyň ýogalandygy we şeýlelik bilen ýogalanlaryň sanynyň jemi 22 adama ýetendigi mälim edildi. 

Ýaşlary 13 bilen 17 aralygynda üýtgeýän ýaş adamlaryň näme sebäpli ýogalandyklary entek anyklanmady, meseläniň anyklanmagy üçin ýokary derejeli kazyýet-lukmançylyk toparynyň işe girişendigi beýan edildi.  

Resmiler adamlaryň gazdan zäherlenip ýogalan bolup biljekdigini çak edýärler. 

Ýurduň Prezidenti Siril Ramafosa Twitterden beren beýanatynda: "Eastern London şäherindäki gijeki klubda ýogalan 22 ýaş adamyň maşgalalaryna çuňňur gynanç bildirýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar