Tramp: "Baýden ABŞ-ny III Jahan urşuna tarap alyp barýar" diýdi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Prezident Jo Baýdeniň milli ykdysadyýetiň içini boşaldandygyny we ýurdy Ukraina sebäpli Jahan urşuna tarap alyp barýandygyny mälim etdi

1846835
Tramp: "Baýden ABŞ-ny III Jahan urşuna tarap alyp barýar" diýdi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Newsmax gepleşiginiň alyp baryjysy Erik Bollinge: "Ýurdumyz uly kynçylygyň astynda. Ýurdumyz hiç wagt bular ýaly bolmandy. Ukrainada we Russiýada başdan geçirilýänler bilen baglanşykly uly howpuň astyndadyrys. Olaryň (Baýdeniň) dolandyrýan görnüşinde ýene-de bir Jahan urşy ýüze çykyp biler. Edýänleri telbelik. Bu dälilik" diýip belledi. 

Jo Baýdeni Kiýewe 10 milliardlarça dollarlyk gymmadynda harby kömek ugratmak bilen tankyt eden Donald Tramp, çaknyşygy gorjalamak III Jahan urşuna sebäp döredip biljekdigini aýan etdi. 

Donald Tramp mundan başgada: "Hökümediň başynda bolan bolsadym Ukrainada söweş asla ýüze çykmazdy" diýip nygtady. 

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp çaknyşygyň öňüni nähili ýagdaýda aljakdygyny aýan etmedi, emma ABŞ-nyň öz dolanşygynda bolan mahaly hormat goýulandygyny belledi we Prezident wezipesine ýaňadandan saýlananyndan soň bir hepdäniň içinde Eýran bilen ýadro ambisiýalary meselesinde bir ylalaşyk baglaşjakdygyny beýan etdi. 

Tramp mundan başgada 2024-nji ýylda Prezident wezipesine dalaşgär bolmagynyň öňünde hiç hili päsgelçiliginiň dolmandygyny mälim etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar