ABŞ Ukrainada ýene-de bir raýatynyň ýogalandygyny tassyklady

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ukrainada ýene-de bir raýatynyň ýogalandygyny tassyklady

1846709
ABŞ Ukrainada ýene-de bir raýatynyň ýogalandygyny tassyklady

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan adynyň aýan edilmegini islemeýän ýokary derejeli resmi, metbugat işgärleri bilen onlaýn görnüşde maslahat geçirdi. 

Ýogalan adam barada jikme-jik maglumat bermek islemedik resmi, Stefen Zabelskiý atly Amerikan raýatynyň Ukrainada ýogalandygyny tassyklady. 

Stefen Zabelskiýniň maşgalasy bilen aragatnaşykdadyklaryny aýdan resmi, ABŞ-nyň raýatlaryna häzirki wagtda Russiýa bilen 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş ýagdaýynda bolan Ukraina gitmezlikleri barada çagyryş berdi. 

Resmiler ýogalan adam bilen baglanşykly Russiýanyň hökümedi bilen gepleşikler geçirýändiklerini habar berdiler. 

Beýleki tarapdan Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, Russiýanyň Ukrainada söweşýän ABŞ-nyň raýatlarynyň Ženew ylalaşygynyň çäginde bolmandygyny we şol adamlara ölüm jezasynyň berilip bilinjekdigi baradaky beýanatyna berk reaksiýa bildirdi. 

Kirbi: "Russiýada bir döwlet işgäriniň Ukrainadaky Amerikan raýatlaryna ölüm jezasynyň berilmegini teklip etmegi elhençdir" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Ukraina , #raýat , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar