ÝB 110 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Alar

ÝB, agza ýurtlara bermek üçin 110 müň doza maýmyn mama sanjymyny satyn alar.

1842915
ÝB 110 Müň Doza Maýmyn Mama Sanjymyny Alar

ÝB Komissiýasynyň saglygy goraýyşdan jogapkär agzasy Stella Kyriakides ÝB-ne agza ýurtlaryň Saglygy goraýyş ministrleriniň Lýuksemburgdaky maslahatyndan ozal beýannama berdi.

110 müň doza maýmyn mama sanjymyny almak üçin şu gün ylalaşyga gol çekişjekdiklerini aýdan Kyriakides, sanjymyň agza ýurtlara iýun aýynyň ahyrynda berilmäge başlanjakdygyny beýan etdi.

Kyriakides häzirki wagtda ÝB-ne agza ýurtlarda 900 adama maýmyn mama keseliniň ýokaşandygyny, dünýäde bolsa şol sanyň 1400-e barabardygyny aýtdy.

ÝB-niň Saglygy goraýyş ministrleriniň maslahatynda koronawirus pandemiýasy boýunça hem pikir alyşjakdyklaryny aýdan Kyriakides, güýz we gyş üçin strategiýalary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny, agza ýurtlaryň warianlara uýgunlaşdyrylan ýeterlik sanjymynyň bolup bolmandygyny seljerjekdiklerini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar