Albaniýa, Ukraina 1 Million Ýewrolyk Ynsanperwer Kömegini Berer

Şeýlelikde Albaniýa hem 100 günden gowrak wagt bäri Russiýa garşy söweşýän Ukraina ýardam beren ýurtlaryň sanawyna goşular.

1841363
Albaniýa, Ukraina 1 Million Ýewrolyk Ynsanperwer Kömegini Berer

Albaniýa, Russiýa bilen söweşýän Ukraina 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegini berer.

Albaniýanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda, Albaniýa Respublikasynyň Ministrler kabineti tarapyndan Ukrainanyň hökümetine 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegi berler.

Şeýlelikde Albaniýa hem 100 günden gowrak wagt bäri Russiýa garşy söweşýän Ukraina ýardam beren ýurtlaryň sanawyna goşular.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý maý aýynda Albaniýanyň Mejlisiniň Baş Assambleýasynda geçirlen ýörite oturluşyga wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş edipdi.

Ozal Russiýanyň Ukraina guran hüjümini ýazgaran Albaniýa, ukrain halkyna goldaw berýändigini mälim edipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar