Yrakda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirilýär

Yragyň Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Kerkükde başladylan operasiýada terror guramasy DAIŞ-e agza 38 terrorçy tussag edildi

1837755
Yrakda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirilýär

Kerkük welaýatynyň Operasiýalar boýunça serkerdesi Ali Freji, Kerkük welaýatynyň günortasynda terror guramasy DAIŞ-e garşy giň-gerimli operasiýanyň başladylandygyny habar berdi. 

Freji operasiýada häzirki wagta çenli 38 terrorçynyň tussag edilendigini we köp mukdarda ok-däriniň we ýaragyň ele salynandygyny mälim etdi. 

Freji operasiýada DAIŞ-e degişli 8 gaçybatalganyň ýok edilendigini, 17 bombanyň we köp mukdarda ýaragyň ele salynandygyny aýan etdi. 

Terror guramasy DAIŞ 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlaryny dolulygyna, Diýala we Kerkük welaýatlarynyň bolsa bir bölegini basyp alypdy, ady agzalan sebitler ýyllaryň dowamynda yzyna basylyp alynypdy. 

Yragyň ozalky Premýer ministri Haýdar Al-Ibadi 2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda gurama garşy ýeňişiň gazanylandygyny habar beripdi. 

Terror guramasy DAIŞ-iň sebitden çykarylmagyna we şäherleriň yzyna basylyp alynmagyna 4 ýyl geçmegine garamazdan, guramanyň esasan hem Kerkük, Diýala, Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlarynyň obalyk ýerlerinde hüjümlerini dowam etdirýär. 


Etiketkalar: #operasiýa , #DAIŞ , #Yrak

Degişli Habarlar