Bangladeşde himiki maddalaryň saklanýan ammarda partlama boldy

Bangladeşde himiki maddalar bilen doldurylan konteýner ammarynda bolan partlamanyň netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 49 adam ýogaldy

1837861
Bangladeşde himiki maddalaryň saklanýan ammarda partlama boldy

NDTV-niň berýän habaryna görä, ýurdyň paýtagty Dakka şäheriniň günorta-gündogaryndaky Çittagong şäherinde, himiki maddalar bilen doldurylan konteýner ammarynda uly partlama boldy. Partlamanyň näme sebäpli bolandygy entek anyklanmady. 

Partlama we ondan soň bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 49 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam bolsa ýaralandy. 

Çattagram Lukmançylyk fakultediniň hassahanasynda işleýän polisiýa işgäri Nurul Alam beren beýanatynda: "Ilkinji kesgitlemelere görä partlama himiki maddalaryň özara täsiri netijesinde bolandygy çak edilýär" diýip habar berdi. 

Partlama şaýat bolan sürüji Tofael Ahmed: "Partlama meni duran ýerimden takmynan 10 metr uzaklyga zyňdy, ellerim we aýaklarym ýandy" diýip mälim etdi. 

Sebitdäki hassahanalarda ýaralanan adamlaryň bejergi astyna alynandygy we raýatlaryň gan bermekleri üçin çagyryş berilendigi aýan edildi. 

Bangladeş Raýat goranyş we Ýangyn söndüriji gullugynyň müdüri Main Uddin, sebitde ýangyn söndürijileriň ýangyny söndürmek üçin iş alyp barýandyklaryny we ýogalanlaryň arasynda azyndan 5 ýangyn söndürijiniň bardygyny beýan etdi. 

Uddin, konteýner ammaryndaky ilkinji partlamadan soň köp sanda partlamanyň bolandygyny we ýangynyň ýaýrandygyny habar berdi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, partlama sebäpli golaýdaky binalaryň aýnalary döwüldi. 



Degişli Habarlar