BMG-nyň HG-niň döwürleýin başlygy Albaniýa: "Türkiýe NATO-daky iň güýçli ýurtlaryň biri" diýdi
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň döwürleýin başlygy Albaniýa: "Türkiýe NATO-daky iň güýçli ýurtlaryň biri" diýip belledi
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň döwürleýin başlyklygy wezipesini öz üstüne alan Albaniýanyň BMG-daky Ilçisi Ferit Hoja, Türkiýäniň NATO-daky iň güýçli ýurtlaryň biridigini beýan etdi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň iýun aýyndaky döwürleýin başlyklygy wezipesini öz üstüne alan Albaniýanyň BMG-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ferit Hoja, geçiren metbugat ýygnagynda Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly beýannama berdi.
Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyna çözgüt tapylyp bilinjekdigini aýdan Ferit Hoja: "Türkiýe NATO agza ýurtlara dost bir ýurt we NATO-nyň iň güýçli ýurtlaryň biri. Türkiýe hem her kim ýaly Ukrainada başdan geçirilenlerden soň, janlanan güýçli bir alýans isleýändigine ynanýaryn. Indi her kim käbir döwletleriň öňünden çak edip bolmaýan hereketlerine garşy bu köpçülikleýin alýansyň nähili derejede möhümdigine göz ýetirdi" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Braziliýadaky sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 158 adama ýetdi