ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

Polisiýa gullugy wakada hüjümçi bilen birlikde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny habar berdi

1836385
ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Oklahoma ştatynyň Tulsa şäherindäki hassahanalaryň birinde guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy. 

Tulsa şäheriniň Polisiýa departamentiniň sosial media hasabyndan berilen habara görä, San-Frensis hassahanasyna ýaragy bilen giren 1 adam töwerege od açdy. 

Polisiýa gullugy wakada hüjümçi bilen birlikde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar