Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukraina özüne garşy söweş başladan Russiýanyň soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden, söweşiň başlamagyndan bäri bolsa jemi 30 müň 500 esgerinden mahrum bolandygyny habar berdi

1835416
Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-31-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň soňky 24 sagatda 150 esgeri öldürildi, 8 uçarmansyz howa ulagyndan, 1 uçaryndan, 9 taňkyndan, 6 topundan we 20 sowutly ulagyndan mahrum boldy. 

Söweşiň başlamagyndan bäri bolsa ruslara degişli 30 müň 500 esger öldürildi, 208 uçar, 174 dikuçar, 1358 taňk, 3 müň 302 sowutly ulag, 649 top, 207 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 275 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 515 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 120 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Beýanatda şeýle hem rus harby birikmeleriň ýurdyň Slobožansk ugrunda hüjüm guramak üçin taýarlyklaryny dowam etdirýändigi bellenip, Slawýansk, Sewerodonetsk, Liman we Bahmutska ugurlarynda asuda ilatly ýerleri nyşana alyp hüjüm guraýandygy habar berildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar