Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy

Bu barasynda ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Direktory beýannama berdi.

1833454
Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Direktory Roşelle Walenský guran metbugat ýygnagynda ýurdunyň 7 şatatynda 9 adamda maýmyn mamasy keselesine gabat gelinendigini, olaryň ýerli laboratoriýalar tarapyndan kesgitlenendigini, ýaýramagynyň öňüni almak we bejergi üçin ýerli halk saglygy guramasynyň ýolbaşçylarynyň işe girişendigini beýan etdi.

Kesellilerden käbirleriniň maýmyn mama keseliniň ýüze çykan ýurtlaryna syýahat eden adamlardygyny nygtan Walenský, halka pandemiýa boýunça ünsli bolmaga çagyrdy.

Ak Tamyň global saglyk howpsuzlygy we biologik goranyş boýunça uly direktory Raž Panžabi bolsa metbugat  brifinginde dünýä derejesinde şeýle mukdarda maýmyn mama keseliniň görülmändigini beýan etdi.

Amerikanyň Kaliforniýa, Florida, Massaşýutes, Nýu-Ýork, Utah, Wiržiniýa we Waşington ştatlarynda maýmyn mama keseli ýüze çykdy.



Degişli Habarlar