Eýranyň Prezidenti: "Sanksiýalary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin merkez döretdik" diýdi

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, ýurdunyň galkynmagy üçin ABŞ-nyň birtaraplaýyn häsýetde girizen sanksiýalarynyň aýrylmagyna garaşmagyň ýerine olary täsirsiz ýagdaýa getirmäge gönügendiklerini habar berdi

1832534
Eýranyň Prezidenti: "Sanksiýalary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin merkez döretdik" diýdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA beýanat beren Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, ýurdyň Kum şäherinde dini adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreleriň birine, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Çykyşynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherindäki ýadro gepleşikleriň we ABŞ-nyň girizen sanksiýalaryna garşy ýurdunyň saýlamlarynyň üstünde durup geçen Reisi: "Gepleşiklerimizi dowam etdirýäris, emma başga birleriniň biziň adymyzdan karar bermegine garaşyp, ýurdyň öňe gidişligini togtadyp bilmeris" diýip habar berdi. 

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, hökümediň bu babatda ýurdyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý tarapyndan yglan edilen sanksiýalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi strategiýasyny alyp barýandyklaryny belläp: "Sanksiýalaryň aýrylmagyndan has möhüm bolan zat sanksiýalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin, bir merkez döretdik. Häzirki wagtda şol merkez örän täsirli ýagdaýda iş alyp barýar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar