Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Eýranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde 23-nji maýda duşenbe güni çöken 10 gatly binada ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi

1832863
Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Eýranly talyplar habar agentligi ISNA beýanat beren Abadan şäheriniň häkimi Ihsan Abbasipur, harabalyklaryň aşagynda gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. 

Abadan şäheriniň häkimi Ihsan Abbasipur: "Abadan şäherinde binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 18 adama, ýaralananlaryň sany 37 adama ýetdi" diýip habar berdi. 

Abadan şäheriniň Tehlenji Emiri etrabynda guluşygy dowam edýän 10 gatly Abadan Metropol işewürler merkezi duşenbe güni çöküpdi. 

Huzistan welaýatynyň Baş prokurory Sadyk Jaferi waka bilen baglanşykly geçirilýän derňew işiniň çäginde, aralarynda Abadan şäheriniň häzirki we ozalky 2 häkimi bilen binanyň gurluşygyna gözegçilik eden jemi 10 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi. 

Harabalyklaryň aşagynda entegem 50 adamyň bardygy çak edilýär. 


Etiketkalar: #Abadan , #Huzistan , #ISNA , #çökmek , #bina , #Eýran

Degişli Habarlar