Blinken Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1832087
Blinken Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Duşuşykda “Günorta Kawkazda parahatçylyk ugrunda edilýän tagallalar” hakynda pikir alyşyldy.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýannamada Blinken bilen Paşinýanyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde sebitdäki soňky wakalar hakynda giňişleýin pikir alyşylandygy mälim edildi.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dialoguň dowam etmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Blinken, Günorta Kawkazda parahatçylyk ugrunda edilýän netijeli tagalla kanagatlanma bildirdi.

Blinken aýratynam Türkiýe bilen Ermenistanyň gatnaşyklarynyň kadalaşma tapgyrynyň hem sebitleýin parahatçylyga, durnuklylyga we abadançylyga möhüm goşandynyň boljakdygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar