Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden mahrum boldy, 8 taňky we 25 sowutly ulag hatardan çykaryldy

1831049
Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-23-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 29 müň 200 esger öldürildi, ruslara degişli 204 uçar, 170 dikuçar, 1293 taňk, 3 müň 166 sowutly ulag, 604 top, 201 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 206 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 476 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 110 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #maglumat , #goşun , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar