Baýden Bilen Blinkeniň Russiýa Girmegi Gadagan Edildi

Amerikaly 963 adamyň Russiýa girmegi gadagan edildi

1830214
Baýden Bilen Blinkeniň Russiýa Girmegi Gadagan Edildi

Russiýa, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen birlikde amerikaly 963 adamyň ýurda girmegini gadagan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berlen ýazmaça beýannamada, ABŞ tarapyndan yzygiderli ýagdaýda Russiýa goýulýan sanksiýalara degişli jogabyň berlendigi nygtaldy.

Beýannamada, ABŞ-nyň Prezidenti Baýden we ogly Hunter Baýden, Döwlet sekretary Entoni Blinken we ABŞ-nyň Merkezi razwetka gullugynyň başlygy Burns bilen birlikde ýokary derejeli 963 adamyň Russiýa girmeginiň gadagan edilendigi bellenildi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #sanksiýa , #gadagan , #Russiýa

Degişli Habarlar