Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi

Igor Konaşenkow, Ukraina bilen 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşiň soňky ýagdaýy barada maglumat berdi

1830147
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Mariupol şäherinde Russiýa garşy garşylyk görkzmäge dowam eden Azowstal metallurgiýa zawodyndaky ukrainaly esgerleriň soňky toparynyň hem boýun egendigini, zawodyň dolulygyna boşadylandygyny habar berdi. 

Igor Konaşenkow, Ukraina bilen 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşiň soňky ýagdaýy barada maglumat berdi. 

Igor Konaşenkow Ukrainanyň Mariupol şäherinde Russiýanyň goşunyna garşy garşylygyň simwoly ýagdaýyna gelen Azowstal metallurgiýa zawodyndaky ukrainaly esgerleriň ählisiniň boýun egendigini mälim etdi. 

Konaşenkow: "Azow batalýonyna degişli ukrainaly esgerleriň bir böleginiň 21-nji aprelden bäri blokirlän Mariupol şäherindäki Azowstal metallurgiýa zawody dolulygyna azat edildi. Esgerleriň gizlenýän zawod dolulygyna Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň gözegçiligine geçdi. 531 ukrainaly esgerden ybarat soňky topar hem boýun egdi" diýip habar berdi. 

Azow batalýonynyň serkerdesiniň zawotdan ýörite sowutly ulag bilen çykarylandygyny aýdan Konaşenkow, 16-njy maýdan bäri zawotdan jemi 2 müň 439 ukrainaly esgeriň ýaragyny taşlap boýun egendigini mälim etdi. 

Igor Konaşenkow, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň operasiýanyň tamamlanandygyny, zawodyň we Mariupol şäheriniň ukrainaly esgerlerden dolulygyna alynandygyny Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine habar berendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar