Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde ýogalýan çagalaryň sany artmaga dowam edýär

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümlerinde ýogalan çagalaryň sany 231-e, ýaralanan çagalaryň sany bolsa 427-ä ýetdi

1829132
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde ýogalýan çagalaryň sany artmaga dowam edýär

Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň bombaly hüjümleriniň netijesinde 1828 bilim ojagyna zeper ýetendigi, şolaryň 171-siniň dolulygyna ýumrulandygy mälim edildi. 

Beýanatda Russiýanyň hüjümleriniň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri 231 çaganyň ýogalandygy, 427 çaganyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #çaga , #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar