Şwesiýa NATO-nyň içinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak isleýär

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson ýurdunyň NATO-nyň içinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak isleýändigini mälim etdi

1828530
Şwesiýa NATO-nyň içinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak isleýär

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson, resmi sapar bilen Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherine baran Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo bilen duşuşyk geçirdi. Iki lider ondan soň bolsa metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýe bilen NATO üçin gepleşikler geçirmäge ähmiýet berýändiklerini aýdan Andersson: “Şwesiýanyň NATO-nyň içinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmagyny isleýäris. Şwesiýa NATO we Ýewropa Bileleşigi ýaly terror guramalaryň islendik görnüşine garşy göreşiň arkasynda durýar. Bar bolan sorag belgilerini maslahatlaşmaga we çözmäge, Türkiýe bilen dialog üçin taýardyrys” diýip belledi.

Türkiýä sapar guramaga taýardyklaryny aýdan Andersson, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk üçin şu gün bilelikde ýüz tutjakdyklaryny habar berdi.

Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo hem Türkiýäniň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmagyna garşy durýandygyna haýran galandygyny belläp, Ankara bilen gepleşiklere taýardyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar